Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty

Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty

17-nji martda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada bellenen wezipelere laýyklykda, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly, garaşsyz kazyýet çözgütleriniň çykarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz bellän beýik maksatlarymyza ynamly ýeteris
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyna taýýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi