Türkmenistanyň Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi

Türkmenistanyň Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi

Şoňa laýyklykda kanunda ulanylýan esasy düşünjeler kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi we korrupsiogen kadalar bilen üsti ýetirildi.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi — kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynda korrupsiogen kadalary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak maksady bilen geçirilýän seljerme.

Korrupsiogen kadalar — hukuk ulanyjy üçin garamagyň esassyz giň çäklerini belleýän ýa-da umumy düzgünlerden çykmalaryň esassyz ulanylmagyna mümkinçilik döredýän, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslara bildirilýän takyk kesgitlenmedik, berjaý edilmegi kyn we kynçylyklary döredýän talaplary özünde jemleýän hem-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin şertleri döredip biljek kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň düzgünleri.

Bu girizilen goşmaçalar şu gün Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler hökmünde Türkmenistan gazetinde çap edildi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda, hususan-da, Maryda ýangyç gytçylygy has-da ýitileşýär
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
Daşogzuň birnäçe öňki saglyk resmisine iş kesildi, olar tussaglykda 'gynaldy'
Lebapda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň sany azalýar. Hökümet meseläni 'görmeýär'
Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi, Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanda täze kanunlaryň birnäçesi kabul edildi