Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Didar Durdyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Didar Durdyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy

Ahalyň hüjümçisi Didar Durdyýew futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň geçen möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçy boldy. Ol çärýek finaldan final duşuşygyna çenli jemi bäş gezek tapawutlandy.

Türkmenistanyň kubogy ― 2022-niň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň ikinji ornunda Şagadamyň futbolçysy Kerim Hojaberdiýew bar. Ol ýaryşda dört pökgi geçirdi.

Möwsümi dört futbolçy üç gol bilen tamamlady. Olar Altyn asyrdan Ahmet Ataýew, Yhlas Toýjanow, Aşgabatdan Merdan Muhadow we Aşgabatdan Pirmyrat Sultanowdyr.

Şu ýyl ýaryşda jemi 23 futbolçy tapawutlandy. Bir futbolçy (Ýunus Orazmämmedow, Şagadam) bolsa öz derwezesine pökgi geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylary belli boldy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi