Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýe finalyň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýe finalyň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

“Arkadag” “Köpetdag” 4:1

Gollar: 15 (11 m.j.u.) Didar Durdyýew, 31 Mekan Saparow, 36 Arslanmyrat Amanow, 61 Yhlas Toýjanow 25 Ýazgylyç Gurbanow.

― Bu duşuşyk Arkadag futbol toparynyň 10-njy resmi duşuşygydyr.

― Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde 6-njy goluny geçiren Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär.

― Bu duşuşyk gaýtadan döredilen Köpetdagyň Türkmenistanyň kubogyndaky 30-njy duşuşygydyr.

― Köpetdag Kubok duşuşyklarynda 10-njy gezek ýeňildi.

― Didar Durdyýew bilen Yhlas Toýjanow Arkadagyň Kubok ýaryşynda Köpetdag bilen geçiren iki duşuşygynda hem tapawutlandy.

“Aşgabat” “Merw” 2:2

Gollar: 21 Röwşen Baýlyýew, 53 Begmyrat Pirkulyýew 88 (11 m.j.u.), 90+1 Alibek Abdyrahmanow.

― Begmyrat Pirkulyýew Türkmenistanyň kubogynyň şu möwsüminde tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy.

― Kubok ýaryşynyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 4-e çykaran Alibek Abdyrahmanow iň netijeli futbolçylaryň ýaryşynda ikinji orna göterildi.

― Alibek Abdyrahmanow çärýek finalyň iki duşuşygynda hem goşa goldan geçirdi.

― Kubok ýaryşynda 2015-nji ýyldan bäri 11-nji goluny geçiren Alibek Abdyrahmanow şol möwsümden bäri bu ýaryşda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda üçünji orna göterildi. Sanawyň birinji basgançagynda 17 golly Didar Durdyýew, ikinji ornunda bolsa 12 golly Kerim Hojaberdiýew bar.

― Begmyrat Pirklulyýew Türkmenistanyň kubogyndaky ilkinji goluny geçirdi.

― Aşgabat ýaryşda 10-njy gezek deňme-deň oýnady.

“Şagadam” “Ahal” 0:3

Gollar: 8, 25 Pirmyrat Sultanow, 70 Meýlis Diniýew.

― Ýaryşda 2015-nji ýyldan bäri 10-njy goluny geçiren Pirmyrat Sultanow bu sepgide ýeten dördünji futbolçy boldy. Ol Kubok ýaryşyndaky gollaryny Köpetdagyň, Ahalyň we Aşgabadyň düzüminde geçirdi.

“Nebitçi” “Altyn Asyr” 0:2

Gollar: 25, 60 Rahman Myratberdiýew.

― Rahman Myratberdiýew Türkmenistanyň kubogyndaky ilkinji goluny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Ýurdumyzyň milli çempionaty tamamlandy
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi