Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Düýn 7-nji martda paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, Awstriýa Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini, parlamentara dostluk toparynyň döredilmeginiň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn bellediler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtadylar.

Şeýle hem Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy. Duşuşykda kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramakda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň we zenan parlamentarileriň syýasy derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýi dörediler
Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek teklip edilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrini kabul etdi