Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe kanun taslamalary kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe kanun taslamalary kabul edildi

Türkmenistanda milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnama laýyk işler dowam etdirilýär.Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanymyza 11-nji aprelde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi.

Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda deputatlar hukuk ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen hereket edýän kanunlara üýtgetmeler girizmek baradaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar we kabul etdiler.Esasy üns raýatlaryň kanuny bähbitlerini we azatlyklaryny goramaga, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, howply önümçiliklerde howpsuzlygy üpjün etmäge, ýol işlerini ösdürmäge, şeýle hem migrasiýa kadalaryny halkara standartlara laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti berlen maglumaty diňläp, kanun çykaryjylyk işine ulgamlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz geljekde-de döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak, şol sanda hereket edýän hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi