Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 22-nji maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 22-nji maslahaty geçirildi

Şu gün sanly ulgam arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda käbir kanunlaryň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi hakynda, Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi hakynda Kanunyň taslamasynda bu wekilçilikli edaranyň işiniň guralyşy, düzümleriniň iş tertibi, wezipeleri, ygtyýarlyklary we deputatlaryň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.

Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň esasynda Türkmenistanyň halkara söwda işini ösdürmek babatda bu resminamanyň möhümdigi nygtaldy.

Deputatlar Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda, Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda, Şähergurluşyk işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda; Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag merkezine öwrülmäge taýýardygyny mälim etdi
Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze öýleriň açarlary gowşuryldy
28.10.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi