Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy we daşary işler ministriniň orunbasary Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň öňdäki 40-lygyna girdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy we daşary işler ministriniň orunbasary Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň öňdäki 40-lygyna girdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa we daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň öňdäki 40-lygyna girdi. Bu barada HHM habar berdi.

Degişli sanaw Özbegistanyň Ýuksaliş hereketi hem-de Durmuş we ykdysady başlangyçlar instituty tarapyndan bilermenleriň goldawy bilen taýýarlanyldy.

Reýting düzülende dalaşgärleriň täsiri, olaryň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ugurlardaky başlangyçlary hasaba alyndy. Jemleýji saýlaw sebit ýurtlaryndan 300-den gowrak hünärmen tarapyndan geçirildi.

Mähri Bäşimowa bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hökmünde ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalary öňe sürmäge gatnaşýar. Şeýle-de BMG-niň ýokary derejeli ýygnaklarynda işjeň çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy kabul edildi
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar
Şweýsariýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistan we BAE maglumat pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
Ženewada aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna üns çekildi
Türkmen resmileri BMG-de gender deňligi we zenanlaryň haklary barada hasabat berdiler