Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Lebap welaýatynyň 74-nji Amyderýa, 79-njy Darganata, Mary welaýatynyň 104-nji Peşanaly we 106-njy Wekil saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martyna, ýekşenbe gününe bellemeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.GULMANOWA.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwary.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýaşaýjylar Halk maslahatynda edilýän teklipleriň halka zyýandygyny aýdýarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti täze kazylary wezipä belledi