Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-da “Open World” maksatnamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ABŞ-nyň kanun çykaryjy edaralary bilen daşary ýurt parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen “Open World” maksatnamasynyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzasy Sidni Kamlager-Daw bilen duşuşdylar. Bu barada Sidni Kamlager-Dawyň X sosial ulgamyndaky hasabynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şeýle hem geçen ýyl geçirilen C5+1 sammitiniň netijelerine esasy üns berildi.

“Open World” maksatnamasy ABŞ-nyň Kongresiniň goldawy bilen amala aşyrylýar we Halkara liderlik merkezi tarapyndan dolandyrylýar. Bu başlangyç hünär we medeni alyş-çalşygy ösdürmäge, şeýle hem ABŞ bilen daşary ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Bilim ulgamynda emeli aňy peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Saparmyrat Atabaýew Karshi Open 2026 atly küşt ýaryşynyň bürünç medala mynasyp boldy
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy
Täze rekord goýdy