Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkantda Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdylar.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Parlamentara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili öz çykyşynda BMG-ä agza döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny we onuň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny hem-de oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, ýurdumyzyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýlip yglan etmek baradaky başlangyjyny aýratyn belledi.

Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürendigini, Türkmenistanyň halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini nygtady.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara forumyň üç ugry öz içine alýan mejlisleriniň işine gatnaşyp, häzirki wagtda şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek, ulag geçirijilerini döretmek we giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda işleri kämilleşdirmek bilen baglylykda, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar we taslamalar barada belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NETIJELI DUŞUŞYKLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
ŞARK TARONALARY ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER