Türkmenistanyň metbugaty doly tekjeler hakynda habar berýär, dükanlaryň öňünde nobatlar uzaýar

Turkmenportal saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň ähli bazarlarynda we söwda nokatlarynda ýokary hilli azyk harytlarynyň, gök we miwe önümleriniň bolçulygy görünýär. Tekjeler azykdan doly, alyjylaryň ýokary hilli önümler baradaky islegleriniň kanagatlandyrylmagy bolsa, ýerli önüm öndürijileriň uly mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.

“Söwda merkezlerindäki doly tekjeler ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigine şaýatlyk edýär” diýip, neşir nygtaýar.

Döwlet telewideniýesiniň täzelikler baradaky sýužetlerinde hem dükanlaryň doly tekjeleri görkezilýär.

1 of 2

Ýatladýarys, “Türkmenistanyň Hronikasy” biraz mundan öň döwletiň azyk dükanlarynyň öňünde uly nobatlaryň döreýändigini habar berdi. Adamlar ir säherden turup, ýazgy esasynda we her ele diňe bir kilogramdan satylýan şekeriň nobatyna durýarlar.

“Azatlyk” radiosy we TAH hem ýurtdaky ýumurtga, un we çörek gytçylygy hakynda habar berýärler.

1 of 3

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeler 300%-e çenli ýokarlandy
Ýurduň günorta-günbatar sebitleri, şol sanda Nohur, Garawul geňeşlikleri sil suwlaryndan ejir çekýär
Aşgabatda "Ertekiler dünýäsi” ýumrulýar
Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi
Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi tender geçirilýändigini habar berýär
Paýtagtda dynç alyş güni üçin alty täsirli ýer: Turkmenportaldan gollanma
Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär