Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guralyna öwrülýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän Dialog — parahatçylygyň kepili konsepsiýasy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, Watanymyzyň halkara bileleşikdäki belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň bähbitlerini goramakda, at-abraýyny has-da belende götermekde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
“Roskosmosyň” kosmonawty Oleg Kononenko hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GAHRYMANY, KOSMOS IŞI BOÝUNÇA “ROSKOSMOS” DÖWLET KORPORASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-KOSMONAWT-SYNAGÇYSY, KOSMONAWTLAR TOPARLARYNYŇ SERKERDESI OLEG KONONENKONYŇ GUTLAGY
Türkmenistanyň Galkynyş topary Monte Karlo sirk festiwalyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä belledi