Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň - Akina-Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz doganlyk owgan halkynyň öýlerine ýagtylyk we ýylylyk getirjek hem-de möhüm senagat we durmuş desgalaryny energiýa bilen ygtybarly üpjün etmek täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanylyşa tabşyrylmagyna degişli meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine gönükdirilen anyk çäreleri görjekdigini nygtady.

Türkmenistan doganlyk owgan halky bilen onuň parahatçylyga, jebislige we ylalaşyga bolan ymtylmalaryna raýdaşlygyny bildirip, ençeme ýyllaryň dowamynda oňa parahatçylykly durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek edýär.Munuň aýdyň mysaly hökmünde goňşy döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat täze elektrik geçiriji ulgamyny görkezmek bolar. 2018-nji ýylyň tomsunda Rabatkaşan-Kalaýnau elektrik geçirijisi guruldy.

Onuň gurulmagy bilen türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.Türkmen tarapynyň başyny başlan iri taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de onuň bilen ugurdaş Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy taslama gatnaşyjy ýurtlar bilen birlikde, sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Mejlisiň barşynda onlaýn ýagdaýynda iri taslamalaryň üçüsiniň durmuşa geçirilmegi Akina-Andhoý beketleriniň arasynda demir ýol şahasynyň, Kerki Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Ymamnazar - Akina hem-de Serhetabat Turgundy üstaşyr akymlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli teleköpri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Sebitara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
14.01.2021 | Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
14.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi