Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini şu düzümiň Gaznasy diýip atlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryM.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we täzeçil ösüşi üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýakynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenendigi, şu mynasybetli giň möçberli baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanandygy hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, onuň çäklerinde bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylaryň hem-de olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine we halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ýokary ahlak ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine esaslanýan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.Durnukly pul dolanyşygyny gazanmak we durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi. Şeýle hem hökümet agzalaryna pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident ýangyç-energetika toplumyndan nägile bolýar, bäş resmi “berk käýinç” aldy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gurluşyk-senagat toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň söwda toplumynyň ösüşini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet topluma gözegçilik edýän wise-premýere käýinç yglan etdi