Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe söz berildi.Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň barşynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemi jemlendi we birnäçe teklipler öňe sürüldi, öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli çözmekde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

25-nji oktýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahaty Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek bilen bagly meseleleri gysga wagtda çözmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdy. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Golaýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. 21-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi.

Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadagymyzyň sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan işjeň peýdalanmak babatda başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň agzalary raýatlar, ýerli dolandyryş edaralarynyň we guramalaryň wekilleri bilen duşuşyp, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilat üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, her bir sebitiň mümkinçiliklerini nazara alyp, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigini nygtady. Soňky ýyllarda "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy hem-de häzirki wagtda bu işi dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň agzalarynyň halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de amala aşyrmaga, ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde, hususan-da, Türkmengaz döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmek, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary hilli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi. Nebitgaz senagatynyň netijeli işi onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki serişdeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşy we ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň suw hojalygy boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet topary tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Diýarymyzyň dag eteklerindäki çeşme hem-de ýerasty süýji suwlary çykarýan dik guýularyň suwlaryny netijeli ulanmak üçin zerur çäreler görülýär.

Pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirilýändigi habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda daýhanlar köpçülikleýin şaly oragyna, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny nygtady we ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, şalynyň we gant şugundyrynyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bereketli hasylyny ýygnap almak işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekip, şunda dünýä tejribesiniň, iň täze usullaryň peýdalanylmagynyň esasy talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän "Maryazot" önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ammiak selitrasy bilen doly üpjün etmek hem-de onuň importyny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde "Maryazot" önümçilik birleşiginiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri zerur bolan dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, himiýa senagatynyň ähli önümçilik kärhanalarynyň netijeli işini gazanmagyň hem-de işleýän kärhanalary yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer daşary ýurtlardan zerur bolan himiýa önümlerini satyn almak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň "Navoiy Milling" jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mineral dökünler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň hem-de himiýa önümçilikleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Energetika ministrliginiň "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň "Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary" paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny nygtady.Energiýa ulgamy diňe bir Diýarymyzyň çäginde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatynyň kärhanalaryny pagta önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda iň täze we ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalary işe girizilýär, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar, olaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar.

Bularyň ählisi dokma pudagyny ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony öňdäki hatarlara çykarmagyň, hil taýdan ýokary ölçeglere laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna düşewüntliligi artdyrmagyň ýolunda möhüm ädimlerdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamyny okgunly ösdürmegiň aýdyň mysalyna öwrülendigini belledi.Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň we dokma pudagynyň toplumlaýyn hem-de bilelikdäki sazlaşykly işi, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle-de wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda dokma kärhanalarynyň işini we olary dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ileri tutulýan milli ugurlary we dünýäniň ykdysady giňişliginde umumy goşulyşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýan dokma pudagyny hem-de kärhanalary dolandyrmak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, "tegelek stol" söhbetdeşliklerini, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary, spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Noýabr aýynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda "Türkmentel — 2022" atly halkara sergi we ylmy maslahat, "Sanly çözgüt — 2022" atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler.

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. "Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi" atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabr aýynda geçiriljek beýleki halkara çäreleriň hatarynda bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow noýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni çäreleriň türkmen jemgyýetiniň depginli ösüşindäki ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň her biriniň özünde watançylyk duýgularyny, ahlak gymmatlyklaryny jemlemelidigini, milli medeni däpleriň bu ugurdaky innowasiýalar bilen sazlaşmagy arkaly ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanmalydygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, "Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary" atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Wise-premýer Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şeýle-de döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipelerden ugur alyp hem-de türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek maksady bilen, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda "Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary" atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de ony elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini kesgitleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini, elektron ylmy-amaly žurnalyň döredilmeginiň bolsa giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz žurnalyň çuň many-mazmunly bolmalydygyny, onda ýerleşdiriljek makalalarda bolsa ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň şöhlelenmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň 23 — 27-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Seul we Pusan şäherlerine gulluk iş saparyny amala aşyrdy.

Pusandaky forumyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi.Onuň barşynda türkmen tarapyndan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýet we dürli pudaklarda, hususan-da, telekommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi.

Forumyň dowamynda saglygy goraýyş, sanly tehnologiýalar, syýahatçylyk, energetika we daşky gurşawy goramak, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler derejesindäki mejlisiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumyna Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilmegi we indiki 16-njy forumyň Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi.

15-nji forumyň çäklerinde 26-njy oktýabrda "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary kesgitlenildi. Şeýle-de esasy koreý kompaniýalarynyň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Seulda hem-de Pusanda Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, parlamentleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uly kuwwata eýe bolan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýurdumyz Koreýa Respublikasyny hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu döwlet bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Ýokary, hökümetara we pudagara derejelerdäki yzygiderli duşuşyklar taraplaryň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar.Ençeme ýylyň dowamynda iri koreý kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işläp, dürli ulgamlarda giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn esasda, şol sanda "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" görnüşinde netijeli gatnaşyklary saklaýarlar.Munuň özi däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýär.Häzirki wagtda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew dünýäniň iri kompaniýalary bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda portlary, demir ýollary, logistikany, gämiçiligi, içerki konteýner daşamalaryny dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar.

Daşary ýurtlarda giňden ýaýran öňdebaryjy tejribeler, utgaşykly sanly ulgam arkaly ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň onuň Ýewraziýanyň möhüm ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.Döwletimiz bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalşyp, ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde söwda gatnaşyklaryny ulag taýdan üpjün etmek we ýollary çekmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolar Ýewropa — Aziýa ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň artýan möçberini öz üstüne alyp biler.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda özara tejribe alyşmagy ýola goýmak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy