Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek boýunça milli parlamentiň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.Raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan hem-de oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň we "Gidrometeorologiýa işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny taýýarlamak we käbir kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Dürli döwletleriň parlamentleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalary, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Halk Maslahaty, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy kämilleşdirmekde Mejlisiň öňünde goýlan wezipelerden ugur almagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Degişli maksatnamanyň çäklerinde banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda ilata berilýän karzlaryň we olaryň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy usullary, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy bolup durýan bu edaralaryň durnukly işlemeginiň tutuş ykdysady ulgamyň okgunly ösmeginde, onuň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça geçirýän işi barada aýdyldy. Şu maksat bilen, häzirki wagtda degişli geologik gözlegler amala aşyrylýar, önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň düzümlerini zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.Bu korporasiýanyň öňünde täze, geljegi uly, uglewodorod serişdelerine baý ýataklary ýüze çykarmak we senagat taýdan özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, önümçilige innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak hem-de gowaçanyň zyýankeşleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär, hususan-da, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri geçirilýär. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalary, gurallary hem-de beýleki zerur bolan serişdeler taýýarlanylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gögeriş we ösüş suwlaryny tutmak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigine ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda geçirilýän sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we tohumlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, Aşgabat şäherini arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, hususan-da, täze agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny gurmak hem-de öňden bar bolan ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işe ýurdumyzyň telekeçileriniň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giňden çekilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş we durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryny we köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalaryny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere hereket edýän suw üpjünçilik desgalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we enjamlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we talyplar üçin harytlary öndürijiler hem-de iberijiler bilen bilelikde ýurdumyzyň bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar, beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasyny şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mekdep okuwçylary we talyplar üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň söwdasy guralýan mekdep harytlarynyň bazarlaryny ýola goýmagyň asylly däbe öwrülendigini we olaryň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmagy, mekdep harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.Hususan-da, awgust aýynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.Mundan başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda "Çalsana, bagşy!" atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlaryny, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda "Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi" atly maslahaty geçirmek, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda "Ýaňlan, Diýarym!" telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde "Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany" atly festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň watandaşlarymyzyň milli gymmatlyklarymyza we baý mirasymyza buýsanjyny has-da artdyrjakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakda guralýan konsertleriň, sergileriň, mowzuklaýyn maslahatlaryň ähmiýetini nygtap, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ylmy binýadyny pugtalandyrmaga, geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we olary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer şu ýylyň sentýabrynda zehinli çagalaryň Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşiginiň döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda eýýäm bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça bu abraýly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mynasyp bolan ýaş zehinler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zehinli çagalary işjeň ýüze çykarmagyň, olaryň baý tebigy mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işi yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda Daşary işler ministrliginde degişli işler alnyp barylýar.

Bu resminama ýurdumyzyň oňyn başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanyldy we özüne birnäçe möhüm ugurlary birleşdirýär. Şunda häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidildi. Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler. Ýurdumyzyň ýene bir teklibi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmäge degişlidir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi beýan ediler.

Mundan başga-da, BMG-niň binýadynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek teklip edilip, Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiler.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde degişli işleri geçirer.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ýurdumyz tarapyndan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararnamany kabul etmek, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek boýunça Kararnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek teklip ediler.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň "Bütindünýä durnukly ulag güni" diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Aşgabat prosesiniň çäklerinde durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürer.

Ekologiýa ulgamy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.Bu ugurda Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam etdirer. Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan "Hazar ekologik başlangyjy" hem-de baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, ýurdumyz 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahaty guramagy teklip eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar. Şunuň bilen birlikde "Bütindünýä türki dilleriniň güni" atly Kararnamany kabul etmek teklip ediler.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň öňümizdäki sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalaýyn we maksatnamalaýyn çäreleri giňeltmek ugrunda işlär. Şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň we Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň wekilhanalaryny açmak üçin degişli çäreleri görmek meýilleşdirilýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlaryny makullan halatynda, olar BMG-niň Sekretariatyna iberiler, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda diplomatik ýollar arkaly ýaýradylar, şeýle hem milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny belledi.Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit, ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Bu başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletli geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ileri tutýan başlangyçlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek, halkara başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna" laýyklykda meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we tehnologik taýdan täzelemek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda görülýän çäreleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistan BMG-niñ nobatdaky sessiýasynda birnäçe teklipleri öñe sürer
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ SESSIÝASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARY HÖDÜRLÄR