Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň we Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Fransiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili bilen bolan duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň deputatlary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň we parlamentarileriniň 10-njy duşuşygyna gatnaşdylar.Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri geçirýärler, şeýle hem sanly ulgam arkaly BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge teklip edilýän degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça guralan duşuşyga, Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda geçirilen maslahata gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, deputatlar döwlet syýasatynyň, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanunlary kämilleşdirmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de kabul edilýän kanunlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň meselelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ilata edilýän ýokary hilli ugurdaş hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunda töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň banklarynyň kart ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu düzüme öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek hem-de tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmek boýunça-da zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu Kadalary kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de olaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň “ak altyn” hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, zerur bolan tehnikalar, gurallar taýýarlanylýar. Şeýle hem ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň şu günlerden tutulýandygyny belläp, wise-premýere welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk-senagat we himiýa toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, eksportyň möçberini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär, ýurdumyzda öndürilýän harytlyk önümleriň eksporty boýunça dürli amallary geçirmegiň hereket edýän tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça daşary ýurtlara ýerlenilýän harytlyk önümleriň birža söwdalarynyň tertibini kämilleşdirip durmagy wise-premýere tabşyryp, bu işi öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi esasynda ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilleşdirilen sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, festiwallary guramak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Giň halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek üçin dürli ugurdaş forumlar guralýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergileri we maslahatlary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, bu çärelerde ýurdumyzda öndürilýän önümleri giňden mahabatlandyrmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi.

Şol resminama laýyklykda, halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň geljek ýyl “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezmelidigini belledi hem-de göçme kubogy gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin berlen güwänamalar barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzy halkara ähmiýetli bu hoş habarlar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasy esasynda dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça ýokary netijeler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi boýunça üstünlikli dowam edýän işleriň netijesinde, halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň sany yzygiderli artýar, dürli keselleri anyklaýan barlaghana gulluklarynyň işi düýpli kämilleşdirilýär, ilaty derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen elýeterli üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Halkara ölçeglere we talaplara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza berlen birnäçe güwänamalar munuň aýdyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin” atly güwänamasy, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary bar.

Täze güwänamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny 27-nji dekabrda geçiriljek ýaşlar forumynda gowşurmagy we bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary ibermegiň mümkinçiligi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döredilýän giň şertleriň netijesinde, ýaşlarymyzyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim, pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýurdumyzyň mynasyp ýaşlaryny ibermegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýär.

2023-nji ýylda iri çäreleriň birnäçesi, şol sanda 18-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşygy geçirildi.Mundan başga-da, 19-njy iýunda Aşgabatda ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň çäginde 6-njy duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri 25-26-njy oktýabrda Brýussel şäherinde geçirilen Ählumumy gapylar atly birinji foruma gatnaşdy. Şu ýylyň 22-nji noýabry — 3-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleri guraldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mugallymlarydyr talyplary alyşmak ugry boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyryldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýedir.

Bu hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, dürli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we bilim, hususy ulgam, söwda, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda, beýleki derwaýys ugurlarda maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar.

Bellenilişi ýaly, soňky döwürde Ýewropa Bileleşiginiň biziň sebitimiz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasy ep-esli artýar. 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça täzelenen Strategiýany kabul etdi. Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynyň netijesi boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki Ýol kartasy kabul edildi.

Bu resminamada geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda teklipleri hödürledi.

Hususan-da, Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 15-nji duşuşygyna hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki toparyň 22-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Belgiýanyň Brýussel şäherine ibermek teklip edilýär. Bu çäreler, degişlilikde, 18-19-njy dekabrda meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagtynda ulag ulgamynda maýa goýum forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Bu foruma türkmen tarapy hem gatnaşmaga çagyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Brýussele ýurdumyzyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär. 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň esasynda geljek ýylyň ikinji çärýeginde ulag ulgamynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzüm birlikleri bilen duşuşygy guramak boýunça işleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, özara gatnaşyklaryň dürli ulgamlarda ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine iki tarap üçin hem bähbitli bu işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus ugurlary boýunça ýolagçylary gatnatmak hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň dowamynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ygtyýaryna hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda satyn alnan öňdebaryjy “Toyota” ýapon önüm öndürijilerinden kiçi we orta kysymly döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ýüzlerçesi ýurdumyza gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ulag hyzmatlaryna artýan isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň sanyny artdyrmak we täze ugurlary açmak maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ulag üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden has kämil, ýurdumyzyň tebigy şertlerine ýaramly ulaglary satyn almagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýtdy hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler