Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Koreýa Respublikasynda saparda bolýar

17-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat.

17-nji sentýabrda Inçon halkara howa menzilinde D.Gulmanowa “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi. D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri bellediler.

Soňra Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada jikme-jik pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar bu çäräniň parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli esas bolup hyzmat etjekdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň parlamentlerinde işleýän türkmen-koreý dostluk toparlarynyň möhüm orny nygtaldy.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we berkitmekde parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellendi. Bu nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pudagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag, medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, lukmançylyk, bilim, esasan hem, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar 19-njy sentýabrda geçiriljek Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji mejlisiniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtlarymyzyň arasynda döredilen işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi