Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyga “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “General Electric Gas Power’ kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razan, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugika, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenko hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gim gatnaşdylar.

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň amerikan telekeçileriniň wekiliýetine baştutanlyk edip gelmegine Türkmenistanda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklary hökmünde garalýandygyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda bolan mahalynda amerikaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşmagy hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaklary üçin oňat mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy we taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Işewürler Türkmenistanyň Prezidentine bildirýän ynamy hem-de çuň manyly söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we amerikan işewürler bileleşiginiň wekilleri şu günki duşuşygyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli we uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi