Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

[…]

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

[…]

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar.Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. “Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň çäklerinde geçirilýän Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

*****

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Nicklaus Сompanies" kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.

[…]

Döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi.

Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf infrastrukturasyny ösdürmäge, sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Nicklaus Сompanies kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistan ABŞ bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umyt baglaýar