Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi.

Köpçülikleýin ýowar çäresine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýowara gatnaşýan, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, şol sanda bu ýerde bilim-terbiýe alýan uçurymlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy. Uçurymlardan haýsy käriň eýeleri bolaslary gelýändigini, näme arzuw-islegleriniň bardygyny sorady.

Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda çagalar döwlet Baştutanyna özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Ekologik çärä gatnaşan ýaşlaryň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ählihalk ýowary bu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi