Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde gurlan ýaşaýyş jaýlary hem-de Büzmeýin etrabynda alnyp barylýan dürli maksatly desgalar we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy.

Serdar Berdimuhedowyň dikuçary häzirki döwürde gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berlen Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasynda degişli rejeleýiş işleriniň alnyp barlyşyny synlady.

Soňra Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk maksatly birnäçe desgalaryň, şol sanda gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Stomatologiýa merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady.

Wise-premýer öz gezeginde “Güneşli” atly täze Çagalar we ýetginjekler köşgüniň gurluşygyny meýilnamalary barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti täze toplumyň onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

“Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi
Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar
Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy