Türkmenistanyň Prezidenti Aşyrguly Begliýewi Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine gaýtadan belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Aşyrguly Begliýewi Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine gaýtadan belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Täze wezipä laýyklykda, Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly aralygynda Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde zähmet çekipdi. Ol soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
29-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna täze ýolbaşçy bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi
Türkmenistanyň iň iri gazhimiýa toplumlarynyň birinde köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär