
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.