Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.

[…]

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar.Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.

Türkmenistanda ilata hödürlenilýän saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Waşingtonda Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Kataryň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy