Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň kompaniýalaryny energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň kompaniýalaryny energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sişenbe güni Türkmenistan - BAE işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli çykyşynda BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanyň energetika we gazhimiýa senagatyndaky taslamalarynda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebit pudagynda “Dragon Oil” kompaniýasynyň üstünlikli işläp gelýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE-ni we onuň işewür toparlaryny geljegi uly hyzmatdaşlarymyz hökmünde görýändigini beýan etdi.

“Giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetendigimize ynanýaryn.Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp bilerler.

Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip bilerler.Biz munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge, maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde berilýän zerur goldawy üpjün etmäge taýýardyrys” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň "Türkmenenergo" döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen "Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)" kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşygy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy bar.

Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE-ne duşenbe güni başlan iki günlük saparynyň çäginde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
Köpugurly hyzmatdaşlyk ýokary derejä çykarylýar
Türkmenistan bilen BAE arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi
ЗАВЕРШИЛСЯ ОФИЦИАЛЬНЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В ОБЪЕДИНЁННЫЕ АРАБСКИЕ ЭМИРАТЫ
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Masdar kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar