Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany açyklyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin hem-de köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna, doganlyk halklaryň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady