Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlar Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada gelen Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dostluk, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşler özara söwdany, şol sanda oba hojalyk we senagat toplumynyndaky hem-de ulag-infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de duşuşykda bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň oňyn depgini aýratyn bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Belarus halkara guramalaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy dowam etdirip, dürli ugurlar boýunça birek-birege goldaw berýärler.

Belarusyň Premýer-ministri 22-nji maýda dar we giňeldilen düzümlerde geçirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlar Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Duşuşygyň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe jemleýji resminamalara gol çekmegi meýilleşdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi