Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek üçin bitiren ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Onuň Alyjenaby Karl III we maşgala agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady