Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Liz Trassy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Liz Trassy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Liz Trassy Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin” diýlip, Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trassa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdi.

Liz Trass duşenbe güni Beýik Britaniýanyň Konserwatiw Partiýasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine saýlandy we sişenbe güni şa zenany Elizabet II tarapyndan resmi taýdan Premýer-ministr wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Täze Premýer-ministr şu gün belli bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Wezipesinden çekilýändigini mälim etdi