Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda 1-nji derejeli ýurist Şadurdy Hangeldiýewiç Täşliýew Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine, 1-nji derejeli ýurist Orazmyrat Annamyradowiç Gurbanow Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesine bellenildi.

Şeýle hem gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Mahmudowiç Pirbabaýew Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden we ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Işangulyýewiç Ulugberdiýew Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Kakamyradowiç Annamuhammedowy Aşgabat şäheriniň harby prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanowy Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist Begli Kakageldiýewiç Hommadowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory, 2-nji derejeli ýurist Kakajan Döwranowiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory we 1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabowy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Gurbandurdy Suhanberdyýewiç Meläýew Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Hamraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi Alym Abdullaýewiç Goňurow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şohrat Terkeşowiç Mämiýew Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Mundan başga-da, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gurbanguly Azadyýewiç Naýýaýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi Şatlyk Gündogdyýewiç Myradow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
05.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokuroryny wezipesinden boşatdy we wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokuroryny wezipesinden boşatdy we wezipä belledi
Berdimuhamedow Ahalyň 'türme prokuroryny' täzeläp, 'nogsanlyklaryň' öňüni almaga çagyrdy
Tüzrkmenistanyň prezidenti prokurorlary wezipä belledi