Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurtdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar Türkmenistanyň ähli künjeklerinde joşgunly konsert maksatnamalary, medeni-köpçülikleýin, sport çäreleri bilen utgaşdy.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny ugratdylar.

Ýene degişli makalalar

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
“Doha-2025” halkara forumy Katarda işini tamamlady
Türkmen wekiliýeti Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy
Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç
Kanani Çafi: Terrorçylar erbet maksatlaryna ýetmediler