TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ilkinji nobatda, Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we BMG bilen hyzmatdaşlygyň geçen döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly, strategik hyzmatdaşyna öwrülendigini nygtady.

Sebit merkeziniň döredilmegine şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti geçen döwrüň dowamynda onuň özüni ýüze çykýan köp meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigini belledi.

Türkmenistan merkeziň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleriniňdir goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmekdäki başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Türkmenistan sebit howpsuzlygyny üpjün etmek işinde, şol sanda, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda guramanyň bu düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana we onuň üsti bilen sebit merkeziniň ähli işgärlerine netijeli işi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we BMG hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň dünýäde durnuklylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli işinde üstünlik arzuw edip, BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iş gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana söz berildi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatyny iberendigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Natalýa German Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi