Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň meşhur “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny doglan güni hem-de şu günki şanly waka, “Arkadag” myhmanhana toplumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen Liderine berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri “Bouygues Batiment International” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Myhman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de ähli ulgamlarda üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Fransuz işewürleri Aşgabada sapar bilen geldi
“Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy