Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS guramasynyň “Adalatly ählumumy ösüşi we howpsuzlygy üçin köptaraplylygy berkitmek” ady bilen geçýän XVI sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Kazan şäherine bardy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Sammitiň 23-nji we 24-nji oktýabrda geçirilýän esasy çäreleriniň hataryna kiçi we giňişleýin düzümde geçirilýän mejlisler girýär. Halkara gatnaşyklar, sebit meseleleri, ykdysady hyzmatdaşlyk we halkara hasaplaşyklaryň goşmaça gurallary maslahatlaşmalaryň üns merkezindedir.

Ilkibaşda Russiýany, Braziliýany, Hindistany, Hytaýy we Günorta Afrika Respublikasyny özüne birleşdiren BRIKS guramasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Şu ýyl bu birleşmä Müsür, Efiopiýa, Eýran, BAE we Saud Arabystany goşuldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ DUŞUŞYGY
Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine Dostluk ordenini gowşurdy
Döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Duslyk ordeni bilen sylaglandy
Serdar Berdimuhamedow Kazana iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti