Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde birinji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan ahalteke atynyň eýesini ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Dünýä çempiony bolan türgenlere "Toyota Camry" awtoulagy sowgat berildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy