Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çad Respublikasynyň Prezidenti Mahamat Idris Debi Itno we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi, bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Mahamat Idris Debi Itno tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Çad Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çatda güýçli partlama boldy
Çaddaky Dartgynlykda Adam Pidalary Boldy
Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan hüjüm guraldy
Nigeriýada, Boko Harama Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär