Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda guralýan Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäsleşige gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ile döwlet geler bolsa... atly çuňňur many-mazmunly kitabynda türkmen halkynda aýdym-saz sungatynyň döreýşini Aşyk Aýdyň we Baba Gammar ýaly şahsyýetler bilen baglanyşdyrmagy milli sungatymyzyň taryhy kökleriniň gadymyýete uzaýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr — diýip belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda häzirki döwürde halypa bagşy-sazandalardan miras galan milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatyna aýratyn buýsanylýandygyny, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Ata Ablyýew, Mäne Garaýew, Dörtguly Durdyýew, Gurbandurdy Jeňow, Hommat Jelilow, Nurjemal Adyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, Soltan Atanepesow, Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Sapar Bekiýew, Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Öwlüýäguly bagşy, Juma Wellekow, Haýytly Mämmetdurdyýew, Han Akyýew, Oraz Bagybekow, Agamyrat Ýagmyrow, Amannazar Ataýew ýaly başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalaryň bagşyçylyk hem-de sazçylyk sungatynyň ösmegine uly goşant goşandyklaryny, ussat halypalardan miras galan milli aýdym-sazlary häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalaryň ezberlik bilen ýerine ýetirýändiklerini nygtap belleýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda ýaş bagşy-sazandalara ýüzlenip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly geçirilýän Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaklary hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar we olara berk jan saglyk, türkmen aýdym-saz sungatyny täze eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
04.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Permana gol çekdi