Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
[…]
Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.
*****
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.
[…]
“Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýdyp, "Mitsubishi Heavy Industries, Ltd." kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: TDH