Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Munuň özi Türkmenistanda ykdysady, senagat ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, şeýle hem işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen şertlendirilendir.

Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi.Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi. Ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň akylly şäherleri gurmak hem-de olary dolandyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda gazananlary biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Ýene degişli makalalar

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Açyk gapylar syýasatyna eýerip
Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo E&C” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DAEWOO ENGINEERING & CONSTRUCTION CO., LTD KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI