Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň çäginde şenbe güni BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýokary wezipeli wekili BAE-niň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän COP-28 maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan öz gezeginde Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, Emirlikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany COP-28 maslahatynda eden çykyşynda ýurduň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-emirlikler gatnaşyklary barha dabaralanýar
22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi