Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Düýn 18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, agzalan ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Eýranda saparda bolýar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Eýranyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda geçiriljek sergä gatnaşarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministrini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministrini kabul etdi
Eýran Russiýa Bilen Tebigy Gaz Boýunça Şertnama Gol Çekişdi