Türkmenistanyň Prezidenti Filippin Respublikasynyň Prezidentine ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Filippin Respublikasynyň Prezidentine ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippin Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosа ýurduň Mindanao adasynyň kenarynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi sişenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Tebigy betbagtçylyk zerarly sişenbe güni ýer titremäniň netijesi boýunça azyndan 37 adamyň heläk bolandygy, 456 adamyň ýaralanandygy, 4 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi barada, Filippin Respublikasynyň Raýat goranyş gullugy tarapyndan berlen deslapky maglumatlara salgylanyp, ýurduň resmi metbugaty habar berýär. Halas ediş we arassalaýyş işleri häzirki wagtda hem sebitde dowam edýär, heläkçiligiň doly netijeleri boýunça maglumatlar yzygiderli täzelenip durýar.

Filippinleriň günortasyndaky Mindanao adasynyň kenar ýakasynda duşenbe güni irden magnitudasy 7,8 bala deň bolan güýçli ýer titremesi bolup geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet çärelerine gatnaşdy
Filippiniň günortasynda 350 ýolagçysy bolan paromyň batmagy sebäpli azyndan 15 adam ýogaldy
Filippinde raketa hüjümi bilen şäher häkiminiň janyna kast edilmäge synanşyldy
Türkmen küştçüleri Russiýanyň küşt täji festiwalynda reýtinglerini has-da ýokarlandyrdylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar