Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Baýramçylyk dabaralary, adatça bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde ýygnanyp başlamaklary bilen başlandy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, hormatly Prezident dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyplar, hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy bellenilýär
Býujet işgärleri Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärelere tomaşaçy hökmünde çekildi
Paýtagtda itler we pişikler ýok edilýär
Aşgabatda täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konsertlerde daşary ýurt estradasynyň ýyldyzlary çykyş eder
Aşgabadyň çagalar baglarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Açyk gapylar güni geçirildi
Berkarar SDAM-da Aýazbabanyň jadyly poçtasy açylýar
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy