Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi.Häzirki wagtda goňşy ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar. “Siziň ýurduňyza döwlet saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Gepleşiklerdäki açyklygyň we ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek barada üýtgewsiz isleginiň bardygyny görkezdi” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Prezident Tokaýew Pakistana sapar eder
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Prezident Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy