TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany möhüm çäräniň — GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär, ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgeýän şertlerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmekde tagallalary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant boljak oňyn netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň bu oňyn dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini belläp, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli agzalaryna bilelikde alnyp barlan işler, guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli utgaşdyrylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň formatyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER, ARKALAŞYK WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek maslahatyna taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti