Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

28-nji noýabrda Gonkongda dörän ýangyndaky adam pidalarynyň sany 94 ýetdi, şäheriň ýangyn gullugyna salgylanyp, “Xinhua” habarlar agentligi bu barada habar berýär.

Ýangyn çarşenbe güni “Wang Fuk Court” atly sekiz gatdan ybarat ýaşaýyş toplumynda ýüze çykdy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýada ýolagçy uçary ýandy
Çaddaky Dartgynlykda Adam Pidalary Boldy
CIET 2025: Türkmenistan öňdebaryjy senagat kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkidýär
Hytaý: Biz Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýarys
Täze Zelandiýada düşelgede bolan ýer süýşgüninde iki adam ýogaldy, alty adam dereksiz itdi
Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi