Türkmenistanyň Prezidenti halkara hokkeý ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenlerine we tälimçilere hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti halkara hokkeý ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenlerine we tälimçilere hormatly atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de sportuň hokkeý görnüşi boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň bir toparyna, degişlilikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen hormatly atlar dakyldy.Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama metbugatda dolulygyna çap ediler.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi