Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi

Düýn — 16-ny noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.

Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde beýan eden başlangyjyna laýyklykda, şu günler Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumy geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler, Türkmenistanyň we Hytaýyň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasynda ynanyşmaga, deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki ýer titremede üç adam ýogaldy
Täze nebit-gaz ýatagy
Merkezi Aziýadan Hytaýa 39 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl